«Credit Suisse» «Sputnik V» sanjymyna baha berdi

  • 16.11.2020 16:41
  • 8.7k+

Koronawirusa garşy «Sputnik V» rus sanjymyny taýýarlamakda adam adenowirusynyň iki wektorynyň ulanylmagy, bu wektorlara immunitetiň bolmagy bilen baglanyşykly bolup biljek kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa sanjymyň netijeliligini ýokarlandyrýar diýlip, Şweýsariýanyň öňdebaryjy banklarynyň biri bolan “Credit Suisse”-iň seljerme hasabatynda aýdylýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Hasabat Gamaleýa merkeziniň, RDIF-iň wekilleriniň we Şweýsariýanyň iň uly maliýe konglomeratlaryndan biri bolan “Credit Suisse”-iň analitikler toparynyň arasynda sanjymyň kliniki synaglarynyň üçünji tapgyry boýunça geçirilen gepleşiklerden soň ýaýradyldy.

“Ulanylan wirus tehnologiýasy bilen baglanyşykly aç-açan çekişme bizi ruhlandyrdy we biziň pikirimizçe, sanjymyň 92% netijeliligi degişli maglumatlaryna dekabr aýynyň başynda garaşylýan AstraZeneca sanjymynyň çaklamalary bilen baglanyşykly oňyn faktor bolup durýar. AstraZeneca şimpanze adenowiral wektoryny ulanýar, Sputnik bolsa iki dürli adenowirus wektoryny ulanýar "- diýip, RIA Nowosti belleýär.

“Credit Suisse”-iň analitikleri Gamaleýa merkeziniň «Sputnik V» sanjymyny taýýarlamaga bolan çemeleşmesiniň J&J we CanSino kompaniýalary tarapyndan öz sanjymlaryny ösdürmek üçin ulanylýandygyna ünsi çekýärler. Kompaniýalar ähli halatlarda adenowirus wektorlaryny ulanýarlar.

düýn 12:08
4.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......