Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze ýokanç keselleri hassahanasy açyldy

  • 14.11.2020 08:42
  • 10k+

Düýn Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze ýokanç keselleri hassahanasy açyldy. Dabara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu döwrebap bejeriş edarasy sebitiň täze dolandyryş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edildi. Onuň gurluşygyna 2018-nji ýylyň noýabrynda badalga berlipdi. Ýokanç keseller hassahanasynyň täze 3 gatly binalar toplumynda ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç keselleri bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Halkara ülňülerine laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahana bir wagtda 200 näsagy – ululary we çagalary bejermek üçin kabul edip biler
Bu ýerde wirus gepatiti, ýokary dem alyş agzalarynyň ýokanç keselleri, ýokanç içgeçme keselleri, howa damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keselleri bölümleri hereket edýär.
Ýokanç keselleri hassahanasynyň düzümine stasionar bölümlerden başga-da, barlaghanalar, funksional-anyklaýyş bölümi, hirurgiýa bölümi, reanimasiýa we akuşerçilik bölümi, şeýle hem fizioterapiýa we dispanser bölümleri girýär.
Bölümleriň hemmesi täze lukmançylyk we tehniki enjamlar bilen, şeýle hem Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Günorta Koreýada, Niderlandlarda, Çehiýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen lukmançylyk maksatly enjamlar bilen üpjün edilendir.

düýn 16:07
5.8k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

düýn 15:54
3.6k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
4.8k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.9k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....