Hünärmenler geljekde COVID-sanjym bazaryny ýylda $10 milliarddan gowrak diýip bahalandyrdylar

  • 14.11.2020 19:57
  • 11k+

Geljekde koronawirusa garşy sanjym bazary ýylda 10 milliard dollardan hem geçip biler diýip, Morgan Stanley we Credit Suisse banklarynyň analitikleriniň çaklamalaryna salgylanyp, “The Guardian” neşiri ýazýar. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

Banklar öz çaklamalarynda adamlara her ýyl dümew ýaly COVID-19-a garşy hem sanjym almak gerek bolar we sanjymyň bir dozasynyň ortaça bahasy 20 dollar bolar diýip belleýärler.
Morgan Stanley-niň analitigi Metýu Harrison her ýylda dümewiň garşysyna sanjym alýan adamlar koronawirusa garşy sanjym alsa, ABŞ-da, Ýewropada we beýleki ösen ýurtlarda farmasewtik kompaniýalaryň girdejisi ýylda 10 milliard dollara barabar bolar diýip hasaplaýar. Hünärmen sanjym dozasynyň önümçilik bahasyny $5-10 bilen bahalandyrýar. Bazaryň göwrümi her ýylda sanjym etmegiň zerurlygyna, sanjymyň bahasyna bagly bolar we dünýä möçberinde 25 milliard dollara ýetip biler.
Şol bir wagtda Credit Suisse-niň analitigi Ewan Seýgerman Pfizer sanjymynyň her dozasynyň 19,5 dollar bahasyna we 330 mln adamyň iki doza sanjymdan aljakdygyna esaslanyp, diňe ABŞ-nyň bazarynyň 10 milliard dollara ýetip biljekdigini çaklaýar.
AstraZeneca-nyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mene Pangalos farmasewtik kompaniýanyň Oksford uniwersiteti bilen bilelikde taýýarlaýan sanjymynyň azyndan bir ýyl koronawirusdan gorajakdygyna umyt bildirýändigini aýtdy.
Maý aýynda Beýik Britaniýanyň hökümeti sanjym pudagynda derňew işlerine 84 mln funt sterling bölüp berdi, olardan 65,5 milliony AstraZeneca bilen Oksford uniwersitetiniň synaglaryna gönükdirildi, 18,5 mln funt koronawirusa garşy sanjymy taýýarlaýan Londonyň Imperiýa kollejine berildi.
Britan häkimiýetleri AstraZeneca bilen geljekki sanjymyň 300 mln dozasyny 1,2 milliard dollara satyn almak barada şertnama baglaşdy. Ýurduň hökümeti alty dürli sanjymyň 350 milliondan gowrak dozasy üçin şertnama baglaşdy.
AstraZeneca kompaniýasy şu ýylyň ahyryna çenli derman serişdesini tassyklatmak üçin ýüz tutanlardan ilkinjileriň biri bolar diýlip garaşylýar. AstraZeneca we Johnson & Johnson sanjymy pandemiýa döwründe täjirçilik däl esasda bermegi wada berdiler. Pfizer Inc. we Moderna Inc. ýaly kompaniýalar başga bir garaýşa eýe boldular. Aýratynam, Moderna dozasyna $37 gazanmagy meýilleşdirýär.
AstraZeneca çykdajylary ýapmak üçin sanjymyň bir dozasyna 3 dollardan 5 dollara çenli alar. Garyp ýurtlara iberiş gymmat bahadan we pandemiýa gutarandan soň amala aşyrylar diýlip, kompaniýada aýdylýar.

28.03.2026 15:46
3.4k+

Alymlar: gan basyşlaryň arasyndaky uly tapawut demensiýanyň yşaratydyr

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze barlaglaryň birinde ýokarky we aşaky gan basyşyň arasyndaky uly tapawudyň huşsuzlygyň ýüze çykmak howpuny döredýändigi hakynda......

26.03.2026 17:24
10k+

Stomatolog diş çüýremesiniň ötüşdirilmeginiň getirýän netijelerini düşündirdi

W.I.Razumowskiý adyndaky Saratow döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diş lukmany Wiktoriýa Morgunowa wagtynda bejerdilmedik diş çüýremesiniň dişiň berbat bolmagyna we çynlakaý gaýraüzülmelere sebäp bolup......

25.03.2026 15:13
2.3k+

Ýapon alymlary ýetginjeklerde köp duşýan täze görnüşli leýkozyň üstüni açdylar

Ýapon alymlary gan düwnük keseliniň esasan ýetginjeklerde has köp duşýan täze we howply görnüşini tapdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Milli onkologiýa merkeziniň ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Keniti Ýosida habar berdi...

24.03.2026 14:09
5.9k+

Alymlar appendiksiň taryhyny täzeden gözden geçirdiler: bu organ beýle bir peýdasyz hem däl eken

Köp adamlaryň çagalykdan eşidýän zady: appendikssiz arkaýyn ýaşap bolýar. Onuň bardygy, adatça, diňe köriçege ýüze çykanda we operasiýa zerur bolanda ýatlanylýar. Öňden bäri ylym hem oňa şeýle garaýardy. XIX asyrda iňlis tebigatşynasy Çarlz Darwin appendiksiň, esasan, ösümlik bilen iýmitlenen gadymy ata-babalarymyzyň iýmit siňdiriş organlarynyň rudimenti, ýagny galyndysydygyny öňe sürdi...