Täze filmde Jeýms Bonduň keşbini britaniýaly aktrisa ýerine ýetirer

  • 09.11.2020 19:38
  • 11k+

Jeýms Bond hakyndaky täze filmde Agent 007-niň roluny britaniýaly aktrisa Laşana Linç ýerine ýetirer. Bu barada “Harpers Bazaar” žurnalyna beren interwýusynda aktrisanyň özi aýtdy diýip, ru.sm.news habar berýär.

Film "Ölmegiň wagty däl" diýlip atlandyrylýar we ol indiki ýyl prokata çykar.
Filmde Jeýms Bond sürgünde bolýar we onuň ýerine bir gyz çagyrylýar. Aktrisanyň özi filmde iň bolmanda bir gezek garaýagyz jemgyýete we onuň durmuşyna salgylanmagyň möhümdigini, munuň filmiň has janly çykmagy üçin ähmiýetlidigini aýtdy. Linçiň aýtmagyna görä, filmi döredijiler munuň şeýle boljakdygyna ynandyrdylar.
Aktrisa tankydy rahatlyk bilen kabul edýändigini belleýär. Sebäbi, onuň öz aýtmagyna görä, bu keşpde şeýle filmlerde özüni synap gören islendik aktrisa bolup bilerdi.
"Ölmegiň wagty däl" filmi Jeýms Bond älemindäki 25-nji film bolup durýar we ol 2021-nji ýylyň aprel aýynda teatrlara çykar. Tmcars.info bu barada ozal habar beripdi.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
974

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......