Türkmenistanda harby gullukçylaryň ätiýaçlandyryş pullarynyň möçberleri artdyryldy

  • 31.10.2020 07:14
  • 30k+

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow ätiýaçlandyryş işini ösdürmek, raýatlara hem-de ýuridik şahslara ýokary hilli ätiýaçlyk hyzmatlaryny hödürlemek hem-de degişli kadalaşdyryjy-hukuknamalary kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

2017-nji ýylda «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda we harby gullukçylary harby gullugy geçýän döwründe ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, harby gullukçylaryň, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyny geçirmegiň we ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň tertibiniň taslamasy täzeden işlenip taýýarlanyldy.
Resminamanyň taslamasy täze kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslara ätiýaçlandyryş pullaryny tölemekde resminamalary resmileşdirmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi, ätiýaçlandyryş halatlaryny kesgitlemegiň şertleri, ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň usullary has anyk beýan edildi we ätiýaçlandyryş pullarynyň möçberleri artdyryldy.
Milli Liderimiz harby gullukçylaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa degişli tabşyryklary berdi.

düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.9k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......