Moskwada Uly multfilm festiwaly badalga aldy

  • 30.10.2020 14:10
  • 4.3k+

Uly multfilm festiwaly (BFM) düýn - 29-njy oktýabrda Moskwada badalga aldy. Ol onlaýn we oflaýn formatlardaky birnäçe çäräni özüne birleşdirýär. Bu barada russkiymir.ru habar berýär.

Festiwalyň bäsleşik programmasyna 90 sany gysga metražly film girdi. Bu möwsüm BFM-iň geografiýasy otuzdan gowrak ýurdy öz içine alýar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, onlaýn programma ýurduň islendik sebitinden tomaşa edip bolar.
Festiwalyň doly metražly film programmasynda on iki sany filmiň tanyşdyrylyşy görkeziler. Olardan biri “Oktýabr” kinoteatrynda Ýaponiýadan Takaşi Ýamazakiniň režissýorlyk eden “Lupine III: Ilkinji film” atly başdan geçirmeli multfilmi festiwalyň açylyş filmi bolar.
Tomaşaçylar açylyşda onlaýn formatda Lorenzo Mattottiniň "Aýylaryň Sisiliýadaky meşhur çozuşy" atly fransuz-italýan multfilmini görerler.
Festiwalyň programmasynda iň köp garaşylýan wakalaryndan biri “Burun, ýa-da “üýtgeşikleriň” dildüwşügi" multfilminiň ýörite görkezilişi bolar. Andreý Hržanowskiniň dürli festiwallarda görkezilen bu eseri eýýäm köp baýraklara mynasyp boldy. Şol sanda oňa Anside geçirilen festiwalda eminler baýragy berildi.
Festiwalyň resmi “YouTube” kanalynda festiwala gatnaşyjylar bilen açyk duşuşyklar we režissýorlaryň ussatlyk sapaklary görkeziler.
Festiwal 9-njy noýabra çenli dowam eder.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
967

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......