Türkmen talyby Instagramyň gowşak ýerini ýüze çykaryp, 10 müň dollar gazandy

  • 23.10.2020 16:11
  • 42k+

22 ýaşly türkmen talyby Almaz Seýidow Instagramyň howpsuzlyk ulgamynda gowşak ýerleri tapdy. Ol bu barada Instagramyň hünärmenlerine habar berdi. Kompaniýa hüşgärligi üçin Almaz Seýidowa minnetdarlyk hatyny we 10 000 dollar möçberinde pul baýragyny berdi.

“Instagramyň lentasyna göz aýlanymda, ulgamdaky gowşaklyk ünsümi çekdi. Soň men beýleki akkauntlarda hem howpsuzlyk näsazlyklaryny gözläp başladym. Platformanyň howpsuzlyk ulgamynyň gowşakdygyny subut etmek üçin meşhur futbolçy Miralem Pýaniçiň sahypasyna bardym. Onuň ünsümi çeken şahsy suratlaryny özüme ýükläp aldym. Şeýlelik bilen, islendik adamyň beýleki bir şahsyň suratlaryna girip biljekdigini subut etmek isledim"-diýip, Almaz gürrüň berýär.
“Pandemiýa döwründe Türkiýedäki meşhur adamlar köplenç sahypalaryndan göni efire çykyp başladylar. Men Zeýnep Bastyk we Şafak Sezer ýaly meşhur adamlaryň göni ýaýlymlaryna gatnaşdym we olaryň adyndan birnäçe degişmeli teswir ýazdym. Maksadym, olaryň hasaplarynda nämedir bir zadyň tersdigini adamlara görkezmekdi. Hut şu maksat bilen dört aýlap bu ugurdaky gözleglerimi dowam etdirdim. Emma men Instagram hasabymda hiç haçan bikanun iş etmedim we hemmeleriň bu barada bilmegini isleýärin"-diýip, Almaz Seýidow belleýär.
"Ulanyjylar üçin bu meseläniň gysga wagtda çözülmegi örän möhümdir, sebäbi olaryň şahsy Instagram sahypalary hilegär adamlaryň eline düşse, dürli maksat bilen ulanylyp bilner" -diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Almaz Seýidow häzirki wagtda Türkiýäniň Sakarýa uniwersitetinde okaýar. Mundan 6 aý ozal Almaz Iphone-yň ulgamyndaky ýalňyşlygy ýüze çykaryp, “Apple”-den 3,5 müň dollar baýrak alypdy.

düýn 20:17
3.3k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......