Dragon Oil "Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020-niň" altyn hemaýatkärleriniň hatarynda

  • 22.10.2020 17:52
  • 9.3k+

28-29-njy oktýabrda Aşgabatda geçiriljek "Türkmenistanyň nebit we gazy" XXV halkara forumy dürli ýurtlardan energetika pudagynyň hünärmenlerini, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, şeýle hem halkara guramalaryň ýokary derejeli wekillerini pudagyň sebitleýin we dünýä derejesinde ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin birleşdirer.

Maslahatyň guramaçylarynyň bellemegine görä, türkmen paýtagtynda iki gün dowam etjek maslahatda täsirli çykyşlarda köp sanly mowzuklar we işewür gyzyklanmalar, ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki global tendensiýalar, Türkmenistanyň energiýa diplomatiýasy, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi we başga-da köp zatlar hakynda giňişleýin beýan ediler.
Gurultaýyň altyn hemaýatkärleriniň arasynda Emirates National Oil Company (ENOC) kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan Dubaýyň Dragon Oil kompaniýasy bar. 2019-njy ýylda bu kompaniýa Türkmenistanda 4 million tonnadan gowrak, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1-nji oktýabry aralygynda bolsa 2,3 million tonnadan gowrak nebit çykardy.
Dragon Oil 1993-nji ýyldan bäri Önümçiligi paýlaşmak şertnamasy (PSA) esasynda Türkmenistanda işleýär. Kompaniýanyň esasy işi Jeýtun we Jygalybeg nebit ýataklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Dragon Oil bu ýerde 2000-nji ýyldan bäri üstünlikli işleýär. Bu döwürde kompaniýanyň maýa goýumlarynyň möçberi 7,4 milliard dollardan geçdi.

düýn 15:16
3.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
9.6k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....