Türkmenistan RF-iň Tatarystan Respublikasyndan lukmançylyk dikuçarlaryny alar

  • 21.10.2020 23:25
  • 10k+

Geljekde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan lukmançylyk ulgamyna degişli dikuçarlary almak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynyň barşynda habar berdi.

Maslahatyň barşynda arassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda näsaglara saglygy goraýyş kömegini bermek we nusgalyklary barlaghana alyp gitmek üçin ýurdumyzdaky gözegçilik-geçiriş nokatlarynda dikuçarlaryň nobatçylygy ýola goýuldy.

düýn 23:03
663

Disney täze “Rapunsel” filmi üçin baş keşp aktýorlaryny tassyklady

Disney kompaniýasynyň “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýa” (Tangled) multfilminiň janly-enjamlaşdyrylan (live-action) remeýkindäki baş keşpleri janlandyrjak aktýorlar resmi taýdan belli boldy. Deadline we The Hollywood...

düýn 18:22
5.1k+

Leonardo da Winçiniň çeken suratyndan 500 ýyldan soň onuň DNK-sy tapyldy

ABŞ-dan, Awstriýadan, Italiýadan we Ispaniýadan alymlaryň halkara topary Leonardo da Winçiniň suratlarynyň birinden DNK nusgasyny çykaryp alandyklaryny habar berdiler diýip, Daily Mail neşiri ýazýar. Barlagyň netijeleri bioRxiv preprintler saýtynda ýerleşdirildi...

düýn 16:39
1.5k+

Meteor, bozguç we duza ýatyrylan hyýar: iOS 27-de birnäçe täze emoji peýda bolar

iOS 27 operasion ulgamynda dokuz sany täze emoji peýda bolup biler. Emoji standartlaryna we olaryň ähli platformalar üçin tassyklanmagyna jogap berýän Unicode konsorsiumy deslapky sanawy hödürledi. Belli bolşy ýaly, Apple täze emojileri iOS-yň ýazky täzelenmeleri bilen bilelikde goşýar...

düýn 13:03
2.4k+

«Bir söweşden soň beýleki» filmi dört «Altyn globus» baýragyny aldy

Los-Anjelesde «Altyn globus» baýragynyň 83-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl esasy baýrak eýesi «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) satiriki syýasy komediýasy boldy. Pol Tomas Andersonyň filmi dört baýraga, şol sanda «Iň gowy film – mýuzikl ýa-da komediýa», režissýorlyk, ssenariý we ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi (Teýýana Teýlor) kategoriýalarynda baýraklara mynasyp boldy...