Geljek döwür üçin milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

  • 11.10.2020 16:38
  • 4.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, pandemiýa zerarly ýüze çykan häzirki kynçylyklara garamazdan, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleri dowam etmek zerurdyr.
Ykdysadyýetimizi (şol sanda energiýa serişdeleriniň bazaryny) liberallaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, işewür ýagdaýlary gowulandyrmak, ykdysadyýetimizde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça başlanan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, türkmen Lideri nygtady.
Bu bolsa ýurdumyzda orta möhletli geljekde daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny durnukly artdyrmaga ýardam berer diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şu wajyp ugurlar boýunça G.Müşşikowa we beýleki wise-premýerlere anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

şu gün 13:28
1.8k+

Her dördünji ýaşaýjy – migrant: Ispaniýa 2 ýylda 2 milliondan gowrak adamy kabul etdi

2023-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda Ispaniýa 2 milliondan gowrak migrant geldi. Olaryň agramly bölegi Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelenlerdir....

şu gün 10:56
3.7k+

ABŞ-nyň ýaryndan gowragy asyryň iň uly gurakçylygyny başdan geçirýär

ABŞ-nyň ýaryndan köpüsini gurakçylyk gurşap aldy. Bu soňky 25 ýylyň iň uly gahatçylyklarynyň biridir....

şu gün 08:13
1.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

düýn 23:15
6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......