Türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 07.10.2020 11:01
  • 7.1k+

Düýn Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçylary bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda esasan milli ösüş meýilnamalar nazara alnyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny has doly peýdalanmagyň hem-de onuň amala aşyrylmagyna ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň wekillerini işjeň çekmegiň zerurdygyny bellediler.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň uzakmöhletleýin geljege niýetlenen hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ugurlary özünde jemläp, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýändigi bellenildi.

düýn 16:45
2.2k+

Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!

Bitkoiniň hümmeti 122 müň dollardan geçip, ýene-de taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. Binance biržasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabat wagty bilen 12:29-a çenli ýagdaýa görä, kriptowalýuta 3,94% gymmatlap, 122,5 müň dollar derejesinde satylýar...

düýn 13:34
10k+

Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi

13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady...

düýn 12:37
6.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi...

düýn 11:15
4.8k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi...