Kofeni saklamagyň syrlary mälim edildi

  • 12.10.2020 23:36
  • 8.1k+

Kofe muşdaklarynyň hemmesi ony nädip dogry saklamalydygy barada bilmän biler. Kofeniň ysyny we tagamyny öý şertlerinde nähili gorap saklamalydygyny “Kantata” kompaniýasynyň kofe hünärmeni Ýuliýa Zaýsewa Sputnik radiosyna beren interwýusynda gürrüň berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Taýýarlamak üçin islendik kofeni üwemek gerek. Üwelen kofeni dükandan satyn almak ýa-da dänäni öýde özbaşdak döwmek bilen, tagamly içgini söýüjiler ony soňundan nähili we näçe wagt saklap bolar diýen sorag bilen gyzyklanýarlar. Hünärmen Sputnik radiosyna kofeni saklamagyň esasy düzgünleri barada aýtdy.

“Aslynda, ýaşyl dänede kofe hilini ýitirmän on ýyl, gowrulan – on aý, gaýtadan üwelen – on gün saklanýar diýlip hasaplanylýar. Eger-de biz kofeni gaýtadan üwesek, dänäniň ysy we tagamy derrew diýen ýaly ýitip başlaýar, şonuň üçin kofeni içmezden ozal döwseň has gowy bolar. Tagamy we ysy mümkin boldugyça gorap saklamak üçin, ýagtylyk we howa girmeýän, berk ýapgyly bankalary ulanmak has gowudyr. Bu kofe tagamyny iki esasy ýok edijilerdir” – diýip, “Kantata” kompaniýasynyň kofe hünärmeni Ýuliýa Zaýsewa belledi.

Bu düzgünler dükandan satyn alnan taýýar üwelen kofe üçin hem degişli. Ýöne şeýle berk saklanyş möhletleri, esasan, hünärmenler we hakyky kofe söýüjiler üçin möhümdir. Adaty alyjylar üçin şeýle nýuanslaryň ähmiýeti kän ýok.

“Şular ýaly inçelikler, jikme-jiklikler, nýuanslar – uly kofe söýüjiler üçin. Ortaça bir adam günde bir-iki çaşka içýär. Eger-de bu kofe on gün däl-de, 20 gün dursa-da, ol adam kän tapawudy duýmaz. Himiki düzüm nukdaýnazaryndan, ol ýerde adam organizmi üçin howply bolan hiç hili zyýanly madda döremeýär” – diýip, hünärmen gürrüň berdi.

12.05.2026 15:08
4.7k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.9k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.6k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....