TikTok ýüklemeleriň sany boýunça birinji orny eýeledi

  • 04.10.2020 23:19
  • 5.1k+

TikTok programmasy mobil gurluşlarda ýükleme sany we girdejililigi boýunça birinji orunlary eýeledi, bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy çap edilen hasabatda habar berýär. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

Kompaniýanyň 2020-nji ýylyň üçünji çärýegi üçin hasabatynda TikTok programmasynyň App Store platformasynda oýun däl programmalaryň arasynda ýükleme sany we girdeji boýunça birinji orunlary eýeländigi aýdylýar.
Android ulanyjylaryň arasynda TikTok diňe ýükleme sany boýunça birinji orny eýeledi, girdeji görkezijisi boýunça ol Google One programmasyna ýol berdi.
Şeýle hem hasabatda, umumy alanyňda, mobil gurluşlaryny ulanyjylaryň 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde 29,3 mlrd dollar sarp edendikleri bellenilýär. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 32% ösdi. Ýükleme sany 36,5 milliarda ýetdi. Ýükleme sany boýunça TikTok, Facebook, Zoom, WhatsApp we Instagram öňdebaryjy boldy.
ABŞ-da ýapylmak howpuna garamazdan, TikTok internet tory iň girdejili programma (Douyin hytaý wersiýasyny hem hasaba almak bilen) bolmagynda galýar. Sarp edijileriň köp çykdajy eden programmalarynyň bäşligine YouTube, Tinder, Tencent Video we Disney+ hem girdi.

düýn 20:25
1.8k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......