COVID-19-a garşy göreşmek boýunça türkmen-iňlis onlaýn-maslahaty geçirildi

  • 02.10.2020 18:39
  • 8.2k+

COVID-19-yň netijeli bejergisine we öňüni almaga bagyşlanyp, iňlis ilçihanasy tarapyndan guralan ikinji türkmen-iňlis onlaýn-maslahaty geçirildi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp, Arzuw NEWS habar berýär.

Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy hünärmenleri, lukmanlary we professorlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş gullugynyň we Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň işgärleri bilen COVID-19-a garşy göreşmek baradaky bilimlerini we iň täze amaly tejribelerini paýlaşdylar.
Iňlis hünärmenleri Angliýanyň COVID-19-a garşy göreşmek strategiýasy, ýetip gelýän gyş möwsümine taýýarlyk, immuniteti saklamagyň usullary barada gürrüň berdiler; steroid bejergisine, immunoterapiýa, dikeldilen hassalaryň ganyndan bölünip alnan antikorlar bilen bejergä kliniki syn berdiler. Gatnaşanlara dünýäde sanjym synaglarynyň häzirki ýagdaýy, COVID-19-yň global ýaýramagy we mutasiýasy barada maglumat berildi. Intensiw terapiýa bölümleriniň protokollaryna syn, Angliýada optimal kislorod we howa çalşygyny ulanmak ýaly bejeriş usullary hödürlendi. Çykyş edenler türkmen kärdeşlerine ekstrakorporal membrananyň kislorodlaşdyryş işini düşündirdiler.
Onlaýn-maslahat wajyp meseleleriň interaktiw çekişmesi bilen tamamlandy.

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....