Menni Pakýao Konor Makgregor bilen söweşi tassyklady

  • 30.09.2020 22:51
  • 20k+

Konor Makgregoryň Menni Pakýao garşy boks boýunça duşuşygy anons edeninden üç günden soň, meşhur filippinli boksçynyň topary irlandiýaly türgen bilen söweşiň guraljakdygyny tassyklady. Bu barada fighttime.ru habar berýär.

Pakýaonyň şahsy kömekçisi Jeýk Jonson ESPN web-saýtyna beren interwýusynda häzirki meýilnamalar barada gürrüň berdi.

“Koronawirusyň ähli filippinli pidalary üçin senator Menni Pakýao geljek ýyl UFC-niň super ýyldyzy Konor Makgregor bilen söweşer. Özüniň girdejisiniň köp bölegini ol tutuş ýurt boýunça pandemiýadan zyýan çekenlere berer” – diýip, Jonson aýtdy.

Konor Makgregoryň aýtmagyna görä, Menni Pakýao bilen söweş gyşda Ýakyn Gündogarda geçiriler, bu filippinli tarapyň bildirişini hem göz öňünde tutsaň, onda boks boýunça duşuşygyň 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlaryna meýilleşdirilýändigini aňladýar.

şu gün 10:30
2.2k+

“Real” Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Lukas Waskesiň gidýändigini yglan etdi

Madridiň “Realy” 34 ýaşly goragçy Lukas Waskesiň klubdan gidýändigini habar berdi. Ol toparyň düzüminde 23 titul gazandy. “Men “Real Madridi” terk edýärin, ýöne “Real Madrid” meni hiç haçan terk etmez. Men nirä gitsemem, maňa dünýäniň iň gowy toparynda oýnamak miýesser etdi diýip buýsanç bilen aýdaryn...

şu gün 10:26
2k+

Barselona we Kongo DR 44 mln ýewrolyk hemaýatkärlik şertnamasy barada ylalaşýar

“Barselona” futbol kluby Kongo Demokratik Respublikasy bilen dört ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşmaga ýakyn. Bu barada Mundo Deportivo neşiri habar berýär. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, klub her ýyl 11 mln ýewro alar...

şu gün 10:18
2.2k+

«Real» eşiginde ýerleşdirýän mahabatdan iň köp girdeji gazanýan klub bolup çykdy

Madridiň «Realy» oýun eşiklerinde mahabaty ýerleşdirmekden gazanýan girdejisi boýunça dünýäniň futbol klublarynyň arasynda birinji orny eýeleýär. Bu barada Ispaniýanyň Marca gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna...

düýn 18:17
7.2k+

Jeýk Pol iň uly şüweleňiň guramaçysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Amerikaly bloger we boksçy Jeýk Pol bir wagtyň özünde 20 çempionlyk ady (şol sanda wagtlaýyn atlary hem goşmak bilen) orta goýlan boks şüweleňini gurandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada Nýu-Ýorkda (ABŞ) bolan ýaryşdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda habar berildi...