Ashgabatsport BSGG-niň koronawirus boýunça onlaýn okuwlaryna gatnaşdy

  • 20.09.2020 16:00
  • 7.9k+

Aşgabadyň «Ashgabatsport» fitnes-klub ulgamynyň topary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň täze koronawirus boýunça onlaýn okuwyna gatnaşdy. Bu barada ORIENT habar berýär.

33 dilde geçilýän bu okuwlar diňe bir saglygy goraýyş işgärleri üçin däl, eýsem, adatdan daşary ýagdaýlardan habarly bolmak we taýyn bolmak isleýänler üçin hem niýetlenendir. Olarda COVID-19 ýaly täze respirator wiruslarynyň döremeginiň tebigaty, olara nädip diagnoz goýmalydygy, olaryň ýaýramagynyň öňüni almak we garşysyna göreşmek, ýüze çykyp biljek töwekgelçilikler barada ilata habar bermek ýaly meselelere degilip geçilýär.
Ýeri gelende bellesek, klub Türkmenistanyň Bodibilding we Fitnes federasiýasynyň resmi hyzmatdaşy bolup durýar. Şeýle bolansoň, okuwyň dowamynda alnan bilimler çäklendirmeler ýatyrylandan soň, fitnes-klublara gelýänleriň howpsuzlygyny üpjün etmäge, dürli çäreler geçirilende degişli sanitariýa we arassaçylyk ülňülerini berjaý etmäge ýardam eder, diýip klubyň wekilleri belleýärler.

şu gün 07:29
1.5k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......