Türkmenistanyň Prezidenti durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak babatda tabşyryklary berdi

  • 19.09.2020 17:42
  • 33k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylyň Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny mundan beýläk-de köpeltmegi, beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy, şeýle hem her şäherde we etrapda maýyplara we mätäç raýatlara ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmek üçin serişdeleri göz öňünde tutmak zerurdyr diýip belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

düýn 16:45
1.9k+

Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!

Bitkoiniň hümmeti 122 müň dollardan geçip, ýene-de taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. Binance biržasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabat wagty bilen 12:29-a çenli ýagdaýa görä, kriptowalýuta 3,94% gymmatlap, 122,5 müň dollar derejesinde satylýar...

düýn 13:34
9.7k+

Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi

13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady...

düýn 12:37
6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi...

düýn 11:15
4.6k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi...