Oxford Economics – Syýahata isleg 57% pese gaçar

  • 14.09.2020 19:33
  • 4.6k+

Oxford Economics britan derňew kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, halkara syýahatçylyk 2020-nji ýylda karantin çäreleri we köp ýurtlarda serhetleriň ýapylmagy sebäpli 57% pese gaçar. Bu barada Regnum habarlar agentligi habar berýär.

Esasan hem, ABŞ gezelenç etmäge isleg pese gaçar. Nýu-Ýorka syýahatyň göwrümi, ähtimal, 79% kemeler.
Mundan başga-da, maglumatlar halkara syýahatçylyga islegiň 2024-nji ýyla çenli 2019-njy ýyldaky derejesine ýetmejekdigini görkezýärler. Islegiň şeýle pese gaçyşynyň sebäbi pandemiýanyň ykdysady netijelerinden we ýene-de birnäçe wagtlap saklanjak daşary ýurtlara gezelenje negatiw garaýşyň bolmagyndan ybarat. Ýöne, hasabata laýyklykda, içki syýahata isleg çalt dikeler we 2019-njy ýyldaky derejesine 2022-nji ýyla çenli dolanar.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......