«Lukoýl» kompaniýasy Türkmenistana toplan tejribesini hödürleýär

  • 10.09.2020 08:41
  • 10k+

Düýn, 9-njy sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitlilik esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür Hazar deňziniň uglewodorod känlerini özleşdirmek boýunça “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen döwlet Baştutanyny tanyşdyryp, biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň daşary ýurt işewürler toparlarynyň maliýe serişdelerini, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamaga, ugurdaş düzümleri gurmaga maýa goýmaga ýardam edýändigini nygtady.
Wagit Alekperow biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde toplanan tejribäni türkmen tarapyna hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

düýn 19:01
2.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...