Türkmenistan Sarahs terminalyndan Eýran bilen söwdany dikeldýär

  • 09.09.2020 07:25
  • 10k+

Eýranyň Mehr habarlar agentliginiň habar bermegine görä, serhede ýakyn Sarahs terminaly arkaly türkmen-eýran haryt üpjünçiligi dikeldilýär. BGN-iň (barlag-geçiriş nokady) ýolbaşçysy Mohamad Mehdi Rezaiden alnan maglumatlar boýunça, Türkmenistan bilen Serahs şäherini (Eýran) birleşdirýän Sarahs köprüsiniň derwezesi 3 günläp açyk boldy.

Ýurtlaryň resmi wekilleriniň arasynda gazanylan ylalaşygyň netijesinde bu ýerde eýran ýükli tirkegleri bellenilen ýere eltmek üçin türkmen sürüjilerine geçirmek işi gurnalan. Bellenilen möhletiň içinde 10 sany eýran ýük ulaglary şeýle proseduradan geçerler. Mohamad Mehdi Rezainiň belleýşi ýaly, şeýle usul bilen türkmen ýüklerini hem Eýrana getirmek bolar.

düýn 21:40
2.8k+

Türkmen diplomatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň...

düýn 13:21
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi...

düýn 13:04
10k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlap täze kitabyny ýazyp tamamlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi...

düýn 12:56
9.1k+

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 6-njy dekabrda geçirilen...