Okuwçynyň sapaklaryna taýýarlanjak ýerini nähili guramaly

  • 08.09.2020 14:30
  • 15k+

Ene-atalaryň aglabasy okuwçy çagalarynyň okuw işini hem fiziki, hem akyl taýdan ýeňilleşdirmek üçin onuň sapaklaryna taýýarlanjak ýerini nädip dogry gurap bolar diýen sorag bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu barada Rospotrebnadzoryň degişli maslahatlaryny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Okuwçynyň sapaklaryna taýýarlanjak ýeri tebigy ýagtylyk düşer ýaly penjiräniň ýanynda ýerleşmeli (sag eli bilen ýazýan çagalar üçin stol penjireden çepde, çepbekeýler üçin sagda ýerleşdirilmeli). Stoluň üstünde ýokardan yşyklandyryş we tebigy ýagtylyk çeşmesi gowy bolaýan ýagdaýynda-da, stolüsti çyralar goýulmalydyr.
Kompýuteriň monitory ýa-da noutbugyň ekrany çaganyň öňünde göz bilen deň beýiklikde ýa-da ondan çala pesräkde 60-70 sm uzaklykda bolmaly.
Gollanma bilen işlenilende, kitaby eliň uzynlygyndaky aralykda goýup, çaga kellesini dik tutup okamaly. Bu boýna düşýän agramy aýyrýar we gözüň kütelişmeginiň öňüni alýar.
Mebel çaganyň boýuna görä gabat gelmeli. Oturgyjy döş bilen stoluň arasynda çaganyň aýasynyň inine deň aradaşlyk bolar ýaly ýagdaýda goýmaly. Agyr ýadawlygyň öňüni almak üçin her 30-45 minut okuw bilen meşgullanmadan soň, gysga wagtlyk fiziki we göz üçin maşklary ýerine ýetirmeli.
Rahat psihologik ýagdaýy döretmek örän möhümdir. Otagyň bezeginde ýiti reňkleriň bolmazlygy, telewizoryň ýa-da aýdymyň sesiniň päsgel bermezligi ünsi jemlemäge kömek edýär, argynlygy peseldýär. Aýdym diňlemek üçin aýratyn wagt aýyrmak bolar. Hatda çaga “aýdym diňlemeklik ünsümi jemlemäge kömek edýär” diýýän hem bolsa, muňa ýol bermeli däl.
Çaganyň zähmetine hormat goýmak gerek, çaganyň öý işlerini ýerine ýetirýän otagynda telefonda ýa-da özara gürleşmeli däl.

12.06.2026 18:22
10k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.3k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.7k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....