В пекинских больницах­ не осталось пациенто­в с коронавирусом

  • 26.08.2020 22:39
  • 14k+

Pekinde hassahanadan SARS-CoV-2 koronawirus bilen kesellän soňky iki syrkawy çykardylar, şundan soň Hytaýyň paýtagtynyň lukmançylyk edaralarynda pandemiýanyň başyndan bäri birinji gezek koronawirus keselli syrkaw galmady. Bu barada gigiýena we saglygy goraýyş meseleleri boýunça paýtagt komiteti habar berdi. Muny Regnum agentligi ýetirýär.

Koronawirus ýokanjynyň ýaýrap başlanyndan bäri Pekinde jemi 935 kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy. Olardan 335-si iýunda “Sinfadi” lomaý bazarynda hasaba alyndy.
Häzirki wagtda paýtagtda epidemiologik gözegçiligiň gowşak çäreleri saklanylýar, oňa laýyklykda örtügi dakynmak diňe jemgyýetçilik ulaglarynda, dükanlara, kinoteatrlara, döwlet edaralaryna we beýleki köp adamly ýerlere baranyňda talap edilýär.
Habar berlişine görä, geçen gije-gündizde Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýekeje-de tassyklanylan COVID-19 ýagdaýy ýa-da täze koronawirus bilen kesellemegiň alamatsyz ýagdaýy ýüze çykarylmady.
Statistika laýyklykda, Hytaýyň materik böleginde kesellileriň 94,13%-i gutuldy. Kesellänleriň sany 2019-njy ýylyň dekabryndan bäri 84,9 müňden geçdi, soňky ýedi günüň içinde 108 kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy (hepdäniň içinde hassahanalardaky syrkawlaryň sanynyň azalmak depgini bir gije-gündizde 6,7%-e barabar boldy). Ýurtda 15-nji aprelden bäri ölüm hasaba alynmady, ölüm görkezijisi 5,45%-e barabar (4,6 müňden gowrak adam ýogaldy). Ýerli lukmançylyk edaralarynda koronawirus keselli 347 näsag bar (geçen günde 54 sanysy gutuldy), diňe ýedi adamda kesel agyr ýagdaýda geçýär.

сегодня 12:32
1.6k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.4k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.3k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....