ABŞ «Huawei» kompaniýasyna garşy çäklendirmelerini güýçlendirdi

  • 18.08.2020 14:20
  • 7.2k+

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Hytaýyň telekommunikasiýa kompaniýasy "Huawei"-e garşy çäklendirmeleriň giňeldilendigini mälim etdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Pompeo ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň duşenbe güni gara sanawa "Huawei" kompaniýasynyň 38 sany goşmaça bölümini goşandygyny aýtdy. Mundan başga-da, edara üýtgetmeleriň gerimini giňeltdi. Oňa laýyklykda, çip öndürmek üçin amerikan enjamlaryny ulanýan daşary ýurt kompaniýalary käbir çipleri "Huawei"-e ugratmazdan ozal ABŞ-dan ygtyýarnama almaly.

"Prezident Trampyň administrasiýasy "Huawei"-e Hytaý Kommunistik partiýasynyň (CCP) döwlet aňtaw bölünmesi hökmünde seredýär we biz hem şoňa görä hereket edýäris. Häzirki wagtda hökümetimiz ABŞ-nyň milli howpsuzlygyny, raýatlarymyzyň şahsy durmuşyny we 5G ulgamymyzyň el degrilmesizligini Pekiniň zyýanly täsirinden goramak üçin birnäçe çäreleri durmuşa geçirdi" diýip, Döwlet sekretary aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary "Huawei"-i HHR-iň harby we aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlykda we müşderileri yzarlamakda aýyplaýar, şeýle hem birnäçe ýurdy 5G öýjükli aragatnaşyk standartyna geçilende "Huawei" infrastrukturasyny we enjamlaryny ulanmazlyga ynandyrýar. Hytaý kompaniýasy bolsa bu aýyplamalaryň esassyzdygyny, syýasy maksat bilen edilýändigini we bazar bäsdeşlik ýörelgelerine ters gelýändigini belleýär.

Mundan öň, Trampyň Huawei-den çäklendirmeleri wagtlaýyn aýrandygy barada habar berlipdi.

düýn 23:22
170

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......