Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasynyň tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi

  • 02.08.2020 07:44
  • 22k+

1-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç hem-de biynjalyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

«Siziň gujur-gaýratyňyzyň we berk erkiňiziň ýakyn wagtda hassalygy ýeňip, doly sagalmagyňyza ýardam etjekdigine ynanýaryn»- diýip, türkmen Lideri nygtady.
“Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňiziň tiz sagalmagyny we Saud Arabystanynyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadanlygynyň hatyrasyna Siziň ýadawsyz amala aşyrýan işleriňize üstünlikleriň hemra bolmagyny dileýärin” diýip, milli Liderimiz mähirli arzuwlaryny beýan etdi.

Ählumumy dünýä meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň Baştutany hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir edýän koronawirus pandemiýasy şolaryň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ýurtlaryň ählisiniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň hem-de COVID-19 ýokanjynyň öňüni almagyň we oňa garşy göreşmegiň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň garaşylýan netijeleri gazanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Öň, Saud Arabystanynyň patyşasynyň hassahana düşendigi barada habar beripdik.

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......