Türkmen Lideri COVID-19-a garşy göreşde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi

  • 01.08.2020 04:52
  • 14k+

31-nji iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen we halkara durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanjyna garşy göreşde öňüni alyş işleri ýaly möhüm meselä deglip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary bilelikde ýeňip geçmek üçin täze başlangyçlary we çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.
Şunlukda, milli Liderimiz ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň öz wagtynda guralandygyny we wajypdygyny aýtdy. Şonuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam eder. Onuň netijeli peýdalanylmagy söwda gatnaşyklarynyň berkidilmegine, ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam eder.
Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz birek-birege goldaw bermegiň we bilelikdäki anyk işleriň bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň kepiline öwrüljekdigine ynam bildirdi.

şu gün 09:02
125

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......