BSGG-niň hünärmeni: COVID-19 möwsümleýin wirus däl

  • 30.07.2020 08:41
  • 25k+

Möwsümiň çalyşmagy ýa-da howanyň üýtgemegi täze koronawirus ýokançlygynyň ýaýraýşyna täsir etmeýär diýip, BSGG habar berýär. Wirusyň ýokuşmagyny diňe arassaçylyk we sosial aralyk düzgünlerini berjaý etmek bilen togtadyp bolýar.

BSGG-niň wekili doktor Margaret Harris şeýle diýýär: "Ýylyň pasyllary wirusyň ýokuşmagyna täsir edip bilýär diýmäge esas ýok. Diňe onuň fiziki aralygyň saklanylmaýan ýerlerinde - köp adamly ýerlerde ýaýraýandygy mälim".
Hünärmeniň pikiriçe, bu wirus täze we ol başgaça hereket edýär.
"Mysal üçin, häzir tomus möwsümi başlanýan ABŞ-da wirus iňňän çalt ýaýraýar, bu ýerde iň köp ýokuşma hasaba alyndy" - diýip, Harris belleýär.
BSGG pandemiýany tolkunlar bilen kesgitlemeýär, sebäbi ony ýokary güýjeýär we haýallaýan ýekeje tolkun hasaplaýar. Bu babatda iň esasy wezipe ony gowşatmak bolup durýar.

düýn 12:32
4.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......