Названы симптомы коронавируса, которые не наблюдаются при гриппе

  • 28.07.2020 16:28
  • 23k+

Russiýanyň öňki baş sanitar lukmany Gennadiý Onişenko RIA Nowosti bilen söhbetdeşlikde koronawirusyň adaty dümewde duş gelmeýän alamatlaryny atlandyrdy.

Onuň aýtmagyna görä, şeýle alamatlara dem almagyň kynlaşmagy, ys alşyň we tagam duýgusynyň ýitmegi degişli. Mundan başga-da, COVID-19-ly näsaglarda, ilkinji nobatda, öýken bilen bagly näsazlyklar, meselem, intoksikasiýa, üsgülewük ýüze çykýar.

“Adam demgysmany duýup başlaýar, sebäbi ol saturasiýany ýitirýär, gan kisloroddan ganmaýar” – diýip, Onişenko düşündirýär.
Dümew ýagdaýynda, koronawirus keselindäki ýaly, ys alyş gowşap bilýär. Muňa garamazdan, Onişenko ys alşy diňe COVID-19 bilen kesellänleriň doly derejede ýitirip bilýändigini belleýär. Ol uly ýaşly toparlarda keseliň agyr geçýändigini, çagalaryň oňa pes täsirlenýändigini belleýär.

“Eger-de dümew barada gürrüň etsek, bu ýerde ähli zat tersine: çagalar hem ulular bilen deň derejede keselleýärler” – diýip, hünärmen belläp geçýär.
Onişenko dümew we ýiti respirator kesellerinde ýagdaýyň ýokary depgin bilen ösýändigini, inkubasiýa döwrüniň ýedi güne barabar bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Koronawirus bilen bagly ýagdaýda bolsa bu möhlet iki esse artýar. Ýagny, ýokanç üçin 12-nji, 13-nji we 14-nji günler aýgytly hasaplanylýar.

вчера 23:49
223

В Европе одобрили новый тест крови для выявления болезни Альцгеймера

Швейцарская фармацевтическая компания Roche получила в Европе разрешение на применение анализа крови Elecsys pTau217 для выявления и исключения болезни Альцгеймера....

11.05.2026 23:10
2.8k+

В США провели экспериментальную операцию по лечению болезни Канавана у младенца

В США проведена экспериментальная процедура генной терапии для ребёнка из Ирландии с редким наследственным заболеванием — болезнью Канавана. Это одно из первых подобных вмешательств в мире....

10.05.2026 18:46
4k+

Глава ВОЗ: Хантавирус не станет вторым COVID-19

Генеральный директор Всемирной организации здравоохранения (ВОЗ) Тедрос Адханом Гебрейесус официально заявил, что хантавирус не представляет угрозы уровня пандемии COVID-19....

08.05.2026 22:15
7.6k+

В США провели операцию ещё не рождённому ребёнку и вернули его обратно в утробу матери

В американском штате Флорида врачи провели редкую операцию ребёнку ещё во время беременности матери. На 25-й неделе беременности хирурги частично извлекли плод из матки, создали ему дыхательные пути, а затем......