Врачи обнаружили новый симптом коронавируса

  • 19.07.2020 22:24
  • 26k+

Ispan alymlary koronawirus ýokanjynyň täze alamatyny anykladylar. Barlag işi syrkawlaryň 29%-iniň agyz boşlugynda nemli bardada güýçli örgüniň – enantemanyň duşýandygyny görkezdi.
Lukmanlar 40-dan 69-a çenli ýaş aralygyndaky 21 syrkawyň muglumatlaryny öwrendiler. Netijede, kesellänleriň tas üçden bir böleginde örgüniň COVID-19-yň beýleki alamatlaryndan iki gün öň ýüze çykýandygy anyklanyldy diýip, news.ru “JAMA Dermatology” medisina žurnalyna salgylanyp habar berýär.

Lukmanlar bu alamatyň nähili giň ýaýrandygyny heniz anyk aýdyp bilenoklar. Onuň öwrenilmegi keselli syrkawlaryň agyz boşlugyna seretmekde kynçylygy döredýän tehniki howpsuzlygyň talaplary arkaly kynlaşýar. 
Öň kanadaly alymlar koronawirusyň garaşylmadyk birinji alamatyny ýüze çykardylar. Ol göz bilen bagly näsazlygy sebäpli lukmana görnen 29 ýaşly gyzda ýüze çykdy. Ol gözüniň hemişe gyzarýandygyndan zeýrendi. Lukmanlar muny konýunktiwit (gözüň nemli bardasynyň çişmesi) diýip kabul etdiler hem-de ony hassahana ýerleşdirdiler. Adatça gözi we gabygyň yzky ýüzüni örtýän dokumanyň çişi çalt gutulýar. Ýöne bu gezek lukmanlar ençeme kynçylyklar bilen çaknyşdylar. Adaty bejeriş syrkawa kömek etmedi. Onuň Aziýada gezelençde bolandygyny bilip, lukmanlar ony COVID-19 üçin barlagdan geçirdiler. Ol položitel netijäni berdi, ýöne syrkawda üsgülewük, gyzdyrma ýa-da haýsydyr bir başga alamatlar ýokdy diýip, News.ru internet-neşiri ýazýar.

09.06.2026 23:14
7k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.2k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....

05.06.2026 15:54
4.1k+

Китай первым в мире одобрил коммерческое применение инвазивного мозгового импланта

Китай стал первой страной в мире, одобрившей коммерческое применение инвазивного интерфейса «мозг–компьютер» (Brain-Computer Interface, BCI)....