NASA “Jeýms Uebb” teleskopuny uçurmagy 2021-nji ýyla goýdy

  • 17.07.2020 23:41
  • 5.3k+

NASA “Jeýms Uebb” teleskopuny uçurmagy koronawirus pandemiýasy we tehniki näsazlyklar sebäpli 2021-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli goýdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

“Jeýms Uebb” – häzirki günde NASA-nyň iň çylşyrymly taslamalarynyň biri. Onuň synaglary 2016-njy ýylda başlady. Kosmosa ibermek işi bolsa tehniki näsazlyklar sebäpli birnäçe gezek yza süýşürildi.
Bu gezek soňa goýulmagynyň sebäbi enjamy ýygnama işi bilen meşgullanýan işgärleriň koronawirus pandemiýasy sebäpli azaldylmagy boldy. Häzir hünärmenler teleskopuň üstündäki işi Kaliforniýa ştatynyň Redondo-Biç şäherinde missiýanyň esasy senagat hyzmatdaşy bolan Northrop Grumman kompaniýasynyň bazasynda dowam etdirýärler we taslama gatnaşyjylar “Jeýms Uebbi” uçurmaga taýýarlamak boýunça meýilleşdirilen işi bellenilen möhletde tamamlamagy göz öňünde tutýarlar. NASA-da soňa goýulmanyň obserwatoriýa döretmekde çykdajylaryň artmagyna getirmez diýip umyt edýärler. Häzirki wagtda taslamanyň býujeti tas 9 milliard dollara barabar.
Ýatlap geçsek, “Jeýms Uebbi” taýýarlamak işi 1996-njy ýylda başlady, ilkibaşda ony uçurma 2007-nji ýyla meýilleşdirildi. 6,5 metr diametrli teleskop uzak planetalara we Gün ulgamynyň kiçi jisimlerine, ekzoplanetalara we protoplaneta disklerine, galaktikalara we olaryň toplumyna gözegçilik eder. Enjam her biriniň diametri bir metrden gowrak bolan 18 sany aýna bilen üpjün edilen. Teleskop kameralardan we spektrometrlerden başlap, dört sany ylmy enjamlaryň kömegi bilen Uly Partlamadan soň emele gelen irki galaktikalar barada has köp zatlary bilmek üçin maglumatlary ýygnar.

düýn 23:56
1k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.5k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
7.5k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....