Türkmenistanda ýiti ýokanç kesellere durnuksyz işgärlere dynç alşa çykmaklyk maslahat berilýär

  • 17.07.2020 16:48
  • 46k+

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň wirus ýokançlarynyň ýokuşmak boýunça howp toparyna girýän işgärlerini kanunçylyk taýdan göz öňünde tutulan zähmet we beýleki dynç alyşlara goýbermek barada maslahat berdi. Degişli maslahat ministrliklere, edaralara, ýerli häkimliklere, jemgyýetçilik birleşiklerine we hususy pudagyň kärhanalaryna iberildi.

ORIENT agentliginiň bellemegine görä, bu maslahat türkmen alymlarynyň köp ýyllyk barlaglarynyň netijelerine esaslanýar. Barlaglara görä patogenler, şol sanda wiruslar howa akymlary arkaly ýokuşyp bilýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýiti wirus keselleriniň öňüni almak we bu ugurda töwekgelçilikleriň döremek ähtimallygyny peseltmek maksady bilen, çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bu ugurdaky ähli möhüm meselelere garamagy teklip edýär. Şeýle hem ýaş, saglyk ýagdaýy we beýleki aýratynlyklary sebäpli kesellemek howpy abanýan işgärlere aýratyn üns bermeklik maslahat berilýär.
Belläp geçsek, Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde dowam edýän pandemiýanyň global howpuna garşy göreşmek we ilaty wirus ýokuşmasyndan goramak üçin halkara jemgyýetçiligi tarapyndan görülýän giňişleýin öňüni alyş çärelerine işjeň goşulyşýar.

düýn 15:48
4.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......