BSGG dünýäde koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň rekord derejede ösýändigini habar berdi

  • 11.07.2020 22:44
  • 19k+

Bir gije-gündizde kesellemegiň 228 müň ýagdaýy bellige alyndy. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy özüniň hasabatynda habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär. Bu bir günüň içinde kesellemegiň rekord derejesi. Täze ýagdaýlar, esasan, ABŞ-da (64 müň), Braziliýada (67,9 müň), Hindistanda (26,5 müň) we Günorta Afrikada (13,6 müň) ýüze çykaryldy. Jemi alanyňda, bu ýurtlara kesellemegiň ähli täze ýagdaýynyň 75%-i düşýär. Ölümiň bir gije-gündizki möçberi tutuş dünýä boýunça 5565-e barabar boldy. BSGG-niň maglumatlary boýunça, dünýäde koronawirus bilen kesellemegiň jemi 12,1 mln ýagdaýy ýüze çykaryldy. Ýogalanlaryň umumy sany 551 müňe barabar. Ýogalma möçberiniň bir gije-gündizki ösüşi boýunça Braziliýa liderlik edýär, BSGG-niň maglumatlary boýunça, bir günde ol ýerde koronawirusdan 1223 adam ýogaldy. Ikinji ýerde – Birleşen Ştatlar, ol ýerde COVID-19-dan bir günde 991 adam ýogaldy. Üçünji ýerde – Meksika (ýogalanlaryň sany 782).
Ýatladyp geçsek, iýunyň ahyrynda BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus pandemiýanyň heniz gutarmakdan daşdadygyny we onuň öwrüm edip başlandygyny belledi. Şeýle-de BSGG-de ýurtlaryň ýakyn wagtda wirusyň ikinji tolkunyna ýol bermez ýaly soňky alty aýyň tejribelerini göz öňünde tutmalydygy bellenildi. 9-njy iýulda BSGG koronawirus pandemiýasy döwründe adamzadyň hereketinden alnan netijeleri bahalandyrmak üçin hünärmenler toparyny döretmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

09.06.2026 23:14
6.9k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....