Luwr karantinadan soň myhmanlara gujak açdy

  • 07.07.2020 23:35
  • 3.7k+

Pariždäki Luwr muzeýi koronawirus sebäpli mejbury karantinden soň duşenbe güni myhmanlar üçin açyldy. Ol dört aý töweregi parižliler üçin hem, jahankeşdeler üçin hem ýapyk durdy. Muzeýiň açylmagy hem-de Luwra baryp görmek üçin petekleriň internet ulgamynda satylyp başlanmagy bilen, eýýäm ilkinji günde ýedi müňden gowrak adamyň petek sargandygy habar berilýär. Bu barada sputnik.by ýazýar.
Fransiýada karantin çäreleriniň gowşamagy bilen, ýurduň käbir muzeýleri maý aýynda, köpüsi bolsa iýun aýynda açylypdy. Luwr şolaryň iň soňkularynyň biri boldy.
Adatça, Luwr günde 40 müňe çenli myhman kabul edýärdi, ýöne muzeýdäkiler bu mukdaryň koronawirus sebäpli ep-esli azaljakdygyna, ýagny 5-10 müň adam tapawut berjekdigine ynanýarlar.
Indi muzeýe diňe internetden petek satyn alyp, özi-de diňe belli bir kesgitlenen wagtlarda baryp bolýar. Muzeýe gezelenç öňküsinden tapawutly bolar, onuň ilkinji şertleriniň biri – myhmanlar hökmany suratda maskaly bolmaly. Şeýle hem indi sergä gezelenç mahalynda ekspozisiýalary yza gaýdyp synlamaga mümkinçilik bermeýän ýörite marşrut döredildi. Myhmanlar gözükdirijiniň gözegçiliginde diňe şol marşrut boýunça hereket ederler.

23.06.2026 09:50
4.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......