«Sony» soňky 60 ýylda ilkinji gezek adyny üýtgetmek kararyna geldi

  • 04.07.2020 22:05
  • 11k+

"Sony” kompaniýasy öz paýdarlarynyň ýyllyk ýygnagynda soňky 60 ýylda ilkinji gezek adyny üýtgetmek kararyna geldi. Indiki ýylyň aprel aýyndan başlap, bu ýapon kompaniýasy “Sony Group” diýlip atlandyrar. Bu barada Ferra.ru habar berýär.
Kompaniýanyň 60 ýyldan soň ilkinji gezek durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän bu täzeligi “Sony Group”-yň derejesini ýokarlandyrmak islegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelik bilen, bu üýtgeşmäniň netijesinde kompaniýa esasy ünsi maliýe hyzmatlarynda we beýleki iş ugurlarynda jemlär. Bu barada "Sony"-niň baş direktory Ýoşida Keniçiro: "Kompaniýanyň adyny Sony Group-a öwürmek kararyna geldik, sebäbi biz öz biznesimiziň ösüşini üpjün etmek maksady bilen, işewür mümkinçiliklerimiziň dürlüligini doly ulanmak isleýäris" diýip belleýär.
Ýapon kompaniýasy ilki başda Tokio Telekommunikasiýa Senagat Co., Ltd diýlip atlandyrylýardy. "Sony" adyna bolsa ol 1958-nji ýylda eýe bolupdy.

düýn 18:54
5k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.6k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.8k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......