Italiýa 3-nji iýundan sebitler boýunça gatnawa çäklendirmeleri aýyrar

  • 17.05.2020 23:20
  • 4.1k+

Italiýa 3-nji iýunda Ýewrobirleşigiň çäklerinde gatnaw üçin ýurda girişe we ondan çykyşa çäklendirmeleri aýyrar, muny Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Luiji Di Maýo mälim etdi. Bu barada kp.ru habar berýär. Hökümet herekete gadaganlygyň aýrylýandygy bilen bagly kararyny neşir etdi. Çäklendiriji çäreleri aýyrmak iki tapgyrda amala aşyrylar.
“2020-nji ýylyň 18-nji maýyndan adamlaryň sebitiň içindäki hereketine gadaganlyk aýrylýar. Hökümetiň ýa-da ýerli häkimiýetleriň epidemiologik ýagdaýynyň dartgynly saklanýan aýratyn etraplarda hereket etmeklige gadaganlygy saklamaga hukugy bar” – diýlip, kararda aýdylýar.
2-nji iýuna çenli Italiýada sebitleriň arasynda jemgyýetçilik ulaglarynda we hususy ulaglarda gatnaw gadagan bolar. Şeýle-de, iki tarap, ýagny giriş we çykyş üçin hem döwlet serhetleri ýapyk bolar. Ýöne iş sapary we saglyk bilen bagly gatnawlar üçin kadadan çykma hereket eder.
Ikinji tapgyr 3-nji iýundan başlaýar. Şonda sebitleriň arasynda erkin hereket etmäge rugsat berler.
Ýöne iň esasy zat – şol günden Italiýanyň hökümeti serhetleri açar. Italýanlar Watikana, San-Marino, şeýle-de koronawirus bilen bagly ýagdaý oňaýly bolan ýurtlara arkaýyn gidip bilerler. Edil şonuň ýaly Italiýa hem daşary ýurtlular diňe epidemiologik ýagdaýy asuda diýlip kabul edilen ýurtlardan goýberilip bilner. Ýöne şunuň bilen birlikde, Italiýanyň hökümetiniň kararynda ýurda gelýänleriň 14 gün karantinde bolmalydygy ýa-da däldigi anyklaşdyrylmaýar.
Ýaňy-ýakynda italýan HBS-leri italýan hökümetiniň täze resminama taýýarlandygyny habar berdiler, şol resminama laýyklykda 18-nji maýdan karantinden soň howpsuzlygyň düzgünlerini berk berjaý etmek bilen ähli söwda işleriniň dikeldilmegine rugsat berilýär.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......