Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslary we elektromobilleri synag etdi

  • 04.06.2023 10:37
  • 62k+

3-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän döwrebap elektrobuslary we elektromobilleri barlap, synag edip gördi.

Häzirki zaman elektromobiliniň aýratynlyklarynyň biri — onuň gapysynda kýu-ar (QR) kodunyň bolmagydyr. Şonuň kömegi bilen Internet ulgamy arkaly elektromobil taksisi barada, hususan-da, onuň tehniki häsiýetnamalary, sürüjisi, ulagyň şäheriň haýsy künjeginde hereket edýändigi we ençeme beýlekiler barada doly maglumatlary alyp bolýar
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulaglar üçin ýörite köp orunly duralgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu ýerde elektrik energiýasy we ýag ýangyjy bilen hereket edýän awtoulaglaryň hersiniň aýratynlykda duralgalarynyň bolmagy göz öňünde tutulýar. Döwrebap duralgalarda ulaglaryň elmydama tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin giň hyzmatlar ýola goýlar. Awtoulaglaryň hemişe saz işlemegi üçin innowasion mümkinçiliklerden peýdalanylar. Şeýle hem bu ýerde ulaglaryň herekete başlamazdan öňürti howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek üçin möhüm işler geçiriler. Mundan başga-da, bu ýerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli döwrebap serişdeler ornaşdyrylar. Şeýlelikde, sanlylaşlydyrylan duralgalar Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer.
Şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýurdumyza getirilen elektromobili ilkinji bolup synagdan geçirip bermegini haýyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri elektromobili herekete girizip, Akhan şaýoluna tarap ugur aldy hem-de täze ulagy synag edip gördi.
Gurbanguly Berdimuhamedow elektromobili ussatlyk bilen dolandyryp, ýolugra onuň tehniki ýagdaýyny gözden geçirdi. 


düýn 12:36
3.3k+

Türkmenistan we ÝUNISEF türkiýeli hünärmenleriň gatnaşmagynda çagalary goramak ulgamyny berkidýärler

27–30 oktýabr aralygynda Aşgabatda çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan, ÝUNISEF-iň goldawy bilen guralan çäre, ýurdumyzda çagalary goramak boýunça milli ulgamy ösdürmekde we Türkiýäniň Adalatçynyň institutynyň tejribesini paýlaşmakda möhüm ädim boldy...

düýn 11:52
1.9k+

Awazada Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň sergisi açyldy

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän bu forum iki gün dowam eder...

düýn 11:37
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly...

düýn 11:22
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi. Işewür Türkmenistanyň...