Deňizçiler palma ýapraklaryndan ýasan ýazgysy bilen adam-garasyz adadan halas boldular

  • 15.04.2024 14:09
  • 22k+

CBS teleýaýlymyna salgylanýan Mail.ru-yň habar bermegine görä, Ýuwaş ummanynyň adam-garasyz adasynda galan üç deňizçi çägäniň ýüzüne palma şahalaryndan “HELP” (“Kömek ediň”) sözüni ýazanlaryndan soň halas edildi.

Deňizçiler gaýygyň motorynyň näsazlygy sebäpli adada galypdyrlar. Olar ýitenlerinden alty gün soň garyndaşlary ýüze çykan betbagtçylyk barada habar beripdirler we ABŞ-nyň kenarýaka goragçylary hem-de Harby-deňiz güýçleri bilelikde halas ediş işlerine başlapdyrlar.
Ýokardan-howadan geçirilen gözleg işleri sekiz günden soň netije berdi. ABŞ-yň kenarýaka gorag gullugynyň halas ediş gämisi deňizçileri adadan alyp, öýlerine äkitdi.
Halas ediş işini ugrukdyryjy podpolkownik Çelsi Garsiýa: "Deňizçileriň üşükliligi olary halas etmekde möhüm rol oýnady" diýip belleýär.

şu gün 10:08
1.7k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.5k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......