Islandiýanyň paýtagtyndan 40 km uzaklykdaky wulkan atylyp başlandy

  • 12.07.2023 14:14
  • 25k+

Ýewropanyň metbugatynyň habar bermegine görä, Islandiýanyň paýtagty Reýkýawikden 40 km uzaklykda ýerleşýän Fagradalsfýadl wulkany atylyp başlady.

EFE agentliginiň habaryna görä, wulkanyň atylmagy häzirlikçe howa gatnawlaryna täsir edenok.
Sky News-yň berýän maglumatlaryna görä, Islandiýanyň meteorologiýa gullugy "atylmanyň ujypsyzdygyny we häzirki wagtda atmosfera kül zyňylmaýandygyny" aýtdy. Wulkan gazlarynyň toplanyp biljekdigi sebäpli, häkimiýetler ýerli ýaşaýjylary onuň golaýyna barmazlyga çagyrýar.
Wulkan 10-njy iýul güni giç agşam lawa çogduryp başlady.
Fagradalsfýadl soňky üç ýylda yzly-yzyna üçünji gezek atyldy. Ozal bu waka 2022-nji ýylyň awgustynda we 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda bolupdy.
Islandiýa wulkanlarynyň ep-esli işjeňligi bilen häsiýetlendirilýär, sebäbi onuň üstünde birnäçe wulkan ulgamy bar. 2010-njy ýylda Eýýafýadlaýokýudlyň wulkanynyň atylmagy Günbatar Ýewropanyň köp böleginiň howa gatnawlarynda kynçylyk döretdi.


24.10.2025 16:48
8.7k+

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar peýda boldy

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar ýüze çykaryldy. Häzire çenli ýurt dünýäde olardan azat bolan iki ýeriň biri hasaplanýardy – indi ýeke-täk şeýle ýer Antarktida bolup galdy. Ilkinji çybynlar Reýkýawikden günorta-günbatarda Kýos buzluk jülgesinde göründi...

18.07.2025 23:58
10k+

Lawa derýalary we iki kilometrlik jaýryklar: Islandiýada uly wulkan atylmasy bolup geçdi

16-njy iýulda Islandiýanyň günorta-günbataryndaky Reýkýanes ýarym adasynda Sundhnukur wulkany atyldy. Bu ýarym adada ozal 800 ýyllap ýatan wulkanlaryň 2021-nji ýyldan bäri 12-nji atylyşy boldy.  Ýokaryk böwsülip çykan lawa uly jaýrygy emele getirip, üç inedördül kilometrden gowrak ýere akdy...

25.06.2026 12:37
7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....