Hindistanda asma köprüde heläk bolanlaryň sany 130-dan geçdi

  • 31.10.2022 14:49
  • 41k+

30-njy oktýabrda agşam Hindistanyň Gujarat ştatyndaky Morbi şäherinde pyýadalar üçin niýetlenen asma köpriniň ýumrulmasy zerarly aradan çykanlaryň sany 132-ä ýetdi, ýene-de iki adam dereksiz ýiten hasaplanylýar. Hadysanyň bolan ýerinde gözleg işleri tamamlanyp barýar diýip, ştatyň içeri işler ministri Harş Şanghawi beýan etdi. Bu barada Times of India habar berýär.

NDTV 141 adamyň aradan çykandygyny we 177 adamyň halas edilendigini habar berýär.
XIX asyryň ahyrynda gurlan köpri ýarymýyllyk abatlaýyş işleriniň gutaranyna birnäçe gün geçenden soň, Diwali baýramçylygynyň gyzgalaňly bellenilýän wagty ýumruldy. Deslapky garaýşa görä, köpriniň ýumrulmagynyň sebäbi — adamyň aşa köp bolmagy.


15.05.2026 11:17
7.3k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

25.11.2025 12:46
19k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi...

07.08.2025 12:06
14k+

Hindistanyň demirgazygyndaky suw joşguny tutuş obany basdy

Hindistanyň demirgazyk bölegindäki güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna we sil akymlaryna getirdi. Uttarakhand ştatynda Dharali dag obasy bütinleý diýen ýaly weýran boldy. India Today-iň maglumatlaryna görä, azyndan dört adam heläk boldy, 50-den gowrak adam dereksiz ýitdi diýlip hasaplanýar...