Çip ýetmezçiligi tamamlandy – iň uly öndürijileriň girdejileriniň ösüşi haýallady

  • 30.09.2022 11:23
  • 7k+

Käbir komponentleriň ýetmezçilik etmeginiň aýry-aýry ýagdaýlaryna garamazdan, umuman alanyňda, global çip ýetmezçiligini tamamlandy diýip hasaplamak bolar diýip, TrendForce-iň analitikleri belleýär. Häzirlikçe awtomobiller we senagat enjamlary üçin çiplere bolan isleg ýokary bolmagynda galýar, şol sebäpli olaryň bahasy ýokarlanar. Ýöne sarp ediji elektronikasy üçin çipler ýeterlik, käbirleri hatda artykmaç hem bolup biler diýip, 3dnews.ru belleýär.

II çärýegiň jemi boýunça iň uly on öndürijiniň önümleriniň satuwy 33,20 mlrd dollara barabar boldy – pudagyň ösüşi geçen çärýek bilen deňeşdirilende 3,9%-e çenli haýallady. TrendForce-iň çaklamasy boýunça, III çärýekde bu görkeziji birneme ýokary bolar.
II çärýekde TSMC-niň girdejisi 18,15 mlrd dollar boldy: ýokary öndürijilikli hasaplamalaryň, zatlaryň internetiniň we awtosenagat üçin çipleriň segmenti gowy netije görkezdi. 5 nm hataryndan gelýän girdeji täze NVIDIA, AMD we Bitmain önümleriniň hasabyna çärýek aňlatmasynda 11,1% ýokarlandy, 7 we 6 nm hatarlaryndan gelýän girdeji 2,8% ýokarlandy.
Geçen çärýek Samsung girdejililigini ýokarlandyrdy we 7 hem 6 nm hatarlaryny 5 we 4 nm hatarlaryna geçirmegi dowam etdirdi – önümçilik bölümçesiniň girdejisi çärýek aňlatmasynda 4,9% ýokarlanyp, 5,59 mlrd dollara ýetdi. UMC 28 we 22 nm kuwwatyny işe girizip, üpjünçiligi ýokarlandyrdy, girdeji bolsa 8,1% - 4,5 mlrd dollara çenli artdy.
II çärýekde GlobalFoundries-iň girdejisi 2,7% ýokarlanyp, 1,99 mlrd dollara ýetdi. Kompaniýa 5G we Wi-fi 7 üçin komponentleri öndürmek barada Qualcomm bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. SMIC girdejisini 3,3%, 1,90 mlrd dollara çenli artdyrdy. Geçen çärýek Nexchip önümçilik kuwwatyny we tehnologiýa platformalarynyň assortimentini giňeltdi, şonuň esasynda girdejisini çärýek aňlatmasynda 4,5% - 463 mln dollara çenli ýokarlandyrmagy başardy.

şu gün 17:47
2.8k+

HBO Garri Potter barada serialy düşürip başlady we baş gahrymanyň ilkinji suratyny görkezdi

Beýik Britaniýada Warner Bros. studiýasynda ýaş jadygöý Garri Potter barada serial surata düşürilip başlandy. J. K. Roulingiň ýedi kitabyny öz içine aljak serialyň premýerasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär diýip, Warner Bros...

şu gün 14:50
1.7k+

Jeýms Gannyň “Supermen” filmi soňky 8 ýylda DC-niň iň üstünlikli taslamasy boldy

Jeýms Gannyň režissýorlyk etmegindäki “Supermen” filmi dünýä prokatyna soňky sekiz ýylda DC Studios üçin iň gowy kassa ýygymlary bilen başlady diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Premýera güni film, deslapky görkezişleri hasaba almazdan, 56,5 mln dollar gazandy...

şu gün 13:27
1.2k+

Google-yň Gemini emeli aňy ulanyjynyň messenjerlerindäki ähli habarlara girip biler

Google-yň Gemini AI modeli, messenjerleri goşmak bilen, smartfonlarda üçünji tarap programmalaryna girip biler. Bu barada korporasiýa ýakynda AI ulgamyna täzelenme hödürlände yglan etdi. Google täze funksiýanyň "ulanyjylar üçin peýdalydygyny" we Gemini-ä göni Android smartfonlaryndan habar ibermek we jaň etmek ýaly, gündelik işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýar...

şu gün 13:17
2.7k+

Gün panellerinden emele gelen iň uly mural Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Kanadanyň Alberta welaýatynda ýerleşýän SunRise ýaşaýyş toplumy Gün panellerinden emele gelen ägirt uly mural mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adaty bolmadyk freska binanyň öň tarapynda 3205 inedördül metri tutýar diýip, Interesting Engineering ýazýar...