Ýuwaş ummanda täze ada peýda boldy

  • 27.09.2022 15:12
  • 27k+

Tonga merkezi adalarynyň golaýynda Ýuwaş ummanyň günorta-günbatar böleginde suwasty wulkan atylandan soň, täze ada peýda boldy. Bu barada CNN habar berdi diýip, novosti.kg belleýär.

NASA-nyň Ýer obserwatoriýasynyň maglumatlaryna görä, suwuň astyndaky wulkanlaryň biri 10-njy sentýabrda oýanyp, lawa, bug we kül çykaryp başlady. Wulkan atylyp başlanandan on bir sagatdan soň, suwuň üstünde täze ada peýda boldy.
Täze adanyň göwrümi çalt ulaldy. 14-nji sentýabrda onuň meýdany 4 müň inedördül metrdi, 20-nji sentýabra çenli bolsa adanyň göwrümi 24 müň inedördül metre ýetdi.

düýn 22:20
2.5k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

düýn 18:47
3.3k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

düýn 16:12
3k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

düýn 12:13
2.8k+

Indoneziýada güýçli ýagyşlar sebäpli seýrek duş gelýän orangutanlar heläk bolýar

Dünýäde iň seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlaryň — tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleri sebäpli düýpli ýitgilere sezewar boldy. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar....