Mongoliýanyň “Halkara intellektual muzeýi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we “Dünýäde iň köp küştli muzeý” hökmünde saýlandy. Bu barada centralasia.media habar berýär.
Muzeýde esaslandyryjy, oýlap tapyjy Tumen-Ölziý Zandraa tarapyndan döredilen 500-den gowrak küşt saklanýar. Muzeýde uly küşt ýygyndysy bar. Olaryň köpüsi agaçdan, süňkden, metaldan, daşdan ýasalandyr. Iň uly küştüň uzynlygy 7 m 60 sm ýetýär. Tagta we bu küşt mallarynyň ählisi tapmaçalar görnüşinde ýasalyp, olary ýygnamaly we çözmeli. Bu küştüň gara mallary – meşhur, taryhy gahrymanlar – Çingiz han, Sogt taýž, Paýhasly şa zenany Manduhaý we beýlekiler. Ak mallar – Mongoliýanyň häzirkizaman syýasatçylary, sport işgärleridir.
Intellektual muzeýiň müdiri eýýäm birnäçe ýyl bäri dünýäde küştüň hut Mongoliýada dörändigini subut etmäge çalyşýar. Haçan-da ol daşary ýurda gidende, küştler barada dürli kitaplara, aýratynam, mongol küşt mallarynyň suratlary bolan kitaplara seredýär we eger tapsa, nusgasyny alyp, öýüne getirýär.
Muzeýiň ýygyndysy köp mongol oýunjaklaryny, tapmaçalary, logiki oýunlary öz içine alýar. Muzeýiň ekspozisiýasy dünýäniň 50 döwletinde guralan 80-den gowrak halkara sergilerinde we ýarmarkalarynda görkezildi.
Halkara intellektual muzeý 1990-njy ýylyň 13-nji awgustynda döredildi. Muzeýi döretmek üçin Tumen-Ölziý Zandraa dürli ýurtlara syýahat edip, bu ýurtlaryň muzeýleriniň tejribesini öwrendi. Muzeý soňky ýyllarda 10 sany halkara Gran-prisine eýe boldy, onuň altyn we kümüş medallary hem bar. Häzirki wagtda muzeýde 11 müňe golaý iş, şol sanda dünýäniň 150 döwletinden eksponatlar görkezilýär.