Mercedes-Benz kompaniýasy A-Class-yň kiçi modeliniň täzelenen wersiýasy bilen tanyşdyrdy. Ulagy sedan ýa-da hetçbek kuzowynda satyn almak bolar. Täze ulag Ýewropada satuwa üstümizdäki ýyl soňlanmanka çykar. Restaýling modeliniň bahasy biraz soňrak mälim ediler. Täzelenen A-Class radiatoryň täze gözenegine, başga bamperlere we görnüşi üýtgedilen swetodiod optika eýe boldy. Ulagyň salonynda sanly pribor panelini, multimedia ulgamynyň 10,25 dýuýmlyk ekranyny we goşalandyrylan spisaly desti oturtdylar. Sürüjä gowulandyrylan grafikaly we ses komandalaryny tanaýan doly işlenen funksiýaly döwrebaplaşdyrylan MBUX multimedia ulgamy elýeter boldy.
Modelde indi peredaçanyň mehaniki korobkasy ýok. Şeýle hem indi ähli benzinli motorlar ýerinden gozgananda 14 a.g.-ni goşýan 48 woltlyk starter-generator bilen bilelikde işleýär.
Şeýle-de täzelenen A-Class-yň dizel hereketlendirijili görnüşini hem satyn alyp bolýar. Emma şeýle motorlar (116, 150 we 190 a.g.) ulagyň diňe öňi priwodnoýly wersiýalary üçin elýeter. Mundan hem başga, müşderilere kuwwaty 218 a.g.-ne deň bolan zarýad berilýän gibrid Mercedes-Benz A 250 e-ni teklip ederler.
Onsoňam, awtoulag iki sany "zarýad berlen" AMG-wersiýany aldy. Mercedes-AMG A 35 modifikasiýasyndaky sedan we hetçbek 306 a.g.-ni berýän 2,0 litrlik agregat bilen enjamlaşdyrylan. Öz nobatynda, Mercedes-AMG A 45 S hetçbek kuwwaty 421 a.g.-ne deň bolan 2,0 litrlik motora eýe boldy.