1-nji iýundan Türkmenabat-Kazan yzygiderli howa gatnawlary dikeldilýär

  • 27.05.2022 09:22
  • 42k+

1-nji iýunda «Türkmenhowaýollary» Tatarystanyň Kazan şäherinden Türkmenabada ilkinji yzygiderli howa gatnawyny amala aşyrar.  Ondan soňra howa gatnawlary her hepdäniň çarşenbe günleri ýerine ýetiriler diýip, Kazanyň halkara howa menziliniň saýty habar berýär.

1-nji iýuldan «Türkmenhowaýollary» Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder. Bu gatnawlar anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.
«Türkmenhowaýollarynyň» rus wekilliginiň saýtynyň habar bermegine görä, ýerleşdirmäniň artdyrylmagy netijesinde 1-nji iýuna meýilleşdirilen Kazan-Türkmenabat uçuşy üçin goşmaça boş orunlar peýda boldy. Goşmaça orunlar üçin petekleriň satuwy 27-nji maýda başlanar.


düýn 18:38
5.7k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.4k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
11k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......

27.03.2026 17:38
7.4k+

Türkmenistanda täze Crops Energy dökünleri peýda boldy

Türkmenistanyň agrar bazarynda täze önüm — ösümlikleriň ähli ösüş tapgyrlary üçin niýetlenen uniwersal Crops Energy dökünleri peýda boldy. Tohumuň gögermeginden başlap, miwe berýän döwrüne çenli bu dökün......