В туркменской столице проходит выставка «Белый город Ашхабад»

  • 26.05.2022 13:18
  • 13k+

25-nji maýda türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Serginiň guramaçylary — Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän we ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler. Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurdumyzyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler.

Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary — «Bouygues Turkmen», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi we Ticaret», «Interbudmontaž»,  «Altkom», “Ýol gurluşygy”, «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.»,   «Wozroždeniýe» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şol sanda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollary gurmak, işjeň dynç alyş we beýleki ugurlar boýunça innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, senagat we kommunikasiýalar, gurluşyk we binagärlik ulgamlarynyň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň we beýlekileriň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.  

Aşgabat şäher häkimligi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde deňsiz-taýsyz üstünlikleri görkezdi. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şäher seýilgählerini bezeýän dürli görnüşli güllerdir bag nahallary, tutuş ýurdumyz boýunça döredilen tebigy gözellikler sergi bölümine aýratyn öwüşgin berdi. Bu ýerde nahallary ösdürip ýetişdirmek, seýilgählere niýetlenen germewleriň, bezeg serişdeleriniň, mebelleriň we olaryň degişli enjamlarynyň, aşhana enjamlarynyň, durmuşda ulanylýan aýnadan taýýarlanylýan önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň harytlary hem görkezildi.

Hususy gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat inžener”, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Baýly-Gurluşyk”, “Arassa söwda gurluşyk”, “Zehinli iş”, “Altyn” we beýlekiler bar. Açyk sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň “Çigildem”, “Aýbölek” ýaly esasy öndürijileriniň mebel önümleri ýerleşdirildi, olarda gurluşyk enjamlary hem-de halkyň sarp edýän tehnikalarydyr harytlary mahabatlandyrylýar.

Sergi işini şu gün hem dowam edýär.


13.06.2026 16:30
1k+

В Ашхабаде прошло 13-е заседание туркмено-австрийской комиссии

В Торгово-промышленной палате Туркменистана состоялось 13-е заседание Совместной туркмено-австрийской комиссии. В ее работе приняли участие представители государственных структур и деловых кругов двух стран....

08.06.2026 18:54
4.4k+

Мередов и заместитель госсекретаря США обсудили расширение двустороннего партнерства

8 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провел в Ашхабаде встречу с заместителем государственного секретаря США по вопросам публичной дипломатии Сарой Роджерс, прибывшей в страну с рабочим......

04.06.2026 16:07
3.6k+

Три дня текстиля и моды: в столице открылась TurkmenTextile Expo — 2026

Сегодня в Ашхабаде начал работу один из крупнейших отраслевых форумов года — международная выставка-ярмарка TurkmenTextile Expo — 2026. Корреспондент tmcars оказалась в гуще событий и подготовила репортаж с......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C стала золотым спонсором форума «Белый город Ашхабад – 2026»

Южнокорейская компания Daewoo Engineering & Construction присоединилась к XXV Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад – 2026» в статусе золотого спонсора....