Neapolda Maradonanyň hatyrasyna ýadygärlik açyldy

  • 26.11.2021 17:13
  • 5.7k+

Meşhur argentinaly futbolçy Diego Maradona bagyşlanan ýadygärlik Neapolda görkezildi, bu ýerde ol 1980-nji ýyllarda ýerli klub “Napolide” oýnapdy. “RAI-nýus-24” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, heýkeltaraş Domenik Sepe tarapyndan ýasalan Maradonanyň heýkeli penşenbe güni, ýagny futbolçynyň ýogalanyna bir ýyl bolan güni açyldy. Muny TASS ýetirýär. 

Günüň dowamynda Maradonany oýun wagtynda eli toply şekillendirýän heýkeli geçen ýyl futbolçynyň ölüminden soň, onuň hormatyna atlandyrylan şäher stadionynyň öňünde görmek bolýardy. Bellenilişi ýaly, futbolçynyň hatyrasyna hormat goýmak isleýän şäher häkimligi geljek hepdede ýadygärligiň hemişelik esasda nirede goýuljakdygyny kesgitlemeli. 

Penşenbe güni tutuş Neapol boýunça ýatlama çäreleri geçirildi we ol şäheriň merkezi kwartallarynyň birinde fakel ýörişi bilen tamamlandy. 

Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 61 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ölüminiň sebäbi öýkeniň çişmegine getiren ýiti ýürek ýetmezçiligi boldy. Ol 1986-njy ýylda dünýä çempiony bolup, XX asyryň iň gowy futbolçylarynyň biri hasaplanýar. Maradona Argentinanyň “Arhentinos Huniors”, “Boka Huniors” we “Nýuells Old Boýz”, Ispaniýanyň “Barselona” we “Sewilýa”, şeýle-de Italiýanyň “Napoli” klublarynda oýnady. Argentinaly hüjümçi Italiýanyň çempionatyny we kubogyny, Ispaniýanyň kubogyny we UEFA-nyň kubogyny utdy. Ol jemi 687 oýna gatnaşdy we 363 gol geçirdi, şol sanda Argentinanyň milli ýygyndysy üçin 113 oýna gatnaşyp, 50 gol geçirdi. 


şu gün 08:32
1.5k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.1k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.1k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......