Nemkow Bellator 268-de litwaly Englikasy ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady

  • 19.10.2021 09:44
  • 7.3k+

16-17-nji oktýabr gijesinde Finiksde (ABŞ) Bellator 268 ýaryşy geçirildi. Söweş agşamynyň ýarym agyr agramda geçirilen esasy tutluşygynda 29 ýaşly russiýaly söweşiji Wadim Nemkow bilen 30 ýaşly litwaly söweşiji Julius Englikas duşuşdy.

Söweş dördünji raundda Nemkowyň ýerine ýetiren agyrdyjy emel arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Bu netije rus söweşijisine çempionlyk guşagyny goramaga mümkinçilik berdi.

Munuň netijesinde, Wadim Nemkow çempionlyk guşagyny ikinji gezek gorady. Birinji gezek guşagy goranda ol 2021-nji ýylyň aprelinde eminleriň biragyzdan karary bilen amerikaly Fil Deýwisi ýeňipdi.

Umuman alanyňda, Nemkow garyşyk söweş sungatynda 15 söweş geçirdi. Onuň hasabynda 13 ýeňiş (şolaryň 9 sanysy nokaut bilen) we 2 ýeňliş bar.

düýn 14:40
1.1k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.4k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....