Londonda Jeýms Bond hakyndaky täze filmiň dünýä premýerasy geçirildi

Londonda Jeýms Bond hakyndaky täze filmiň dünýä premýerasy geçirildi

Londonda iňlis agenti Jeýms Bond hakyndaky filmleriň 25-njisi bolan "Ölmegiň wagty däl" (No Time to Die) filminiň dünýä premýerasy boldy. Koronawirus pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilen çäre Londonyň Albert-hol Korollyk konsert zalynda geçirildi. Bu barada TASS habar berdi.

Režissýor Keri Joji Fukunaga, prodýuserler Maýkl Wilson we Barbara Brokoli, baş aktýor Deniel Kreýg we Bondyň gyz dostunyň keşbinde oýnan fransuz aktrisasy Le Seýdu dagylar film görkezilmezden ozal gyzyl halydan geçdiler. Iňlis şa maşgalasynyň agzalary - Uels şazadasy Çarlz hem-de aýaly Kamilla, şeýle hem Kembrij gersogy William we onuň aýaly Kate premýeranyň hormatly myhmanlary boldular.

"Biz Bond hakyndaky filmleri kinoteatrlaryň ekranlary üçin surata düşürýäris we ynha, biz şu ýerde, meniň üçin şundan uly bagt ýok" diýip, Kreýg Sky News teleýaýlymynyň žurnalisti bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy. Geçen hepde iňlis aktýory, soňky 15 ýylda ekranda ýerine ýetiren gahrymanynyň keşbine laýyk gelmek üçin Iňlis deňiz güýçleriniň kommanderi diýen hormatly ada eýe boldy. Ýöne "Ölmegiň wagty däl" Kreýgiň Iňlis içalysynyň keşbindäki iň soňky filmi bolar.