Triatlonçy Daffi ýurdunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy

Triatlonçy Daffi ýurdunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy

Triatlonçy Flora Daffi Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan Bermud adalarynyň ilkinji wekili boldy. 

Olimpiýa triatlony sportuň üç görnüşi boýunça ýaryşlary öz içine alýar: 1,5 km aralyga ýüzmek, 40 km aralyga welosiped ýaryşy, 10 km aralyga ylgaw. Ýaryşyň başlanmagy ýagyn sebäpli 15 minut yza süýşürildi. Daffi bu aralygy 1 sagat 55 minut 36 sekuntda geçdi. Ikinji orny britaniýaly Jorjiýa Teýlor-Braun (+1,14), üçünji orny amerikaly Keti Zaferes (+1,27) eýeledi. 
Daffi 33 ýaşynda. Häzirki Olimpiada türgen üçin karýerasynda dördünji boldy. 2008-nji ýylda ol pellehana gelip bilmedi, dört ýyldan soň 45-nji orny eýeledi, bäş ýyl mundan öň bolsa dokuzynjy boldy.
Bermud adalarynyň wekilleri Olimpiýa oýunlarynda 1936-njy ýyldan bäri çykyş edýärler. 1976-njy ýylda Monrealdaky ýaryşlarda boksçy Klarens Hill üçünji orny eýeläp, Bermud adalaryna Olimpiýa medalyny getirdi. Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Bermud adalaryndan iki türgen çykyş edýär.
31-nji iýulda garyşyk toparlaryň arasynda triatlon boýunça ýaryş geçiriler. Triatlon boýunça ýaryşlar tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek 2000-nji ýylda Sidneýde peýda boldy.