FIFA futbol üçin täze düzgünleri synap görýär

  • 20.07.2021 10:25
  • 9.1k+

FIFA geljekde futboly düýbünden üýtgedip biler. Gurama eýýäm mümkin bolup biljek täze düzgünleri synagdan geçirmäge başlady. Bu täzelikleri tejribede görmek üçin 19 ýaşdan kiçi futbolçylar üçin ýörite Future of Football Cup turniri gurnaldy. Häzirki wagtda oňa “PSW”, AZ, “Brýugge” we “RB Leýpsig” toparlary gatnaşýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Mümkin bolup biljek üýtgeşmeleriň sanawy şulardan ybarat:

  1. Oýun wagtyny her birinde 30 minut arassa oýun wagty bilen iki ýaryma (taým) bölmek – oýun her arakesmede togtadylýar;
  2. Oýunçylary çalşyrmagyň sanynyň çäksiz bolmagy. Häzirki wagtda pandemiýa sebäpli bäş oýunçyny çalşyrmaga rugsat berilýär (mundan öň üç çalşyk edilýärdi). Täze düzgüne laýyklykda, tälimçi oýun wagtynda hatda tutuş düzümi üýtgedip biler;
  3. Topy autdan aýak bilen girizmek;
  4. Alnan sary duýduryş üçin wagtlaýyn oýundan çykarmak – duýduryşy alan oýunçy bäş minutlap meýdançadan çykarylýar.

Täze düzgünler synagdan geçirilenden soň, FIFA futbol oýunlarynyň düzgünlerini dolandyrýan we düzgünleşdirýän halkara gurama – Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşine teklip ibermek ýa-da ibermezlik barada belli bir karara geler. 


düýn 23:00
889

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......