Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler

  • 14.06.2021 21:57
  • 18k+

Oklend ýaşaýyş hiliniň derejesi boýunça dünýäniň iň gowy şäheri adyny aldy we “The Economist” britan žurnalynyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki bölümçesiniň sanawynda birinji orny eýeledi. Global Liveability Index 2021 hasabaty EIU kompaniýasy tarapyndan hödürlendi diýip, TASS habar berýär.

Täze Zelandiýanyň iň uly şäheri dünýäniň iň gowy 140 şäheriniň sanawynda Osakadan we Adelaidadan öňe geçdi. Hünärmenler dünýäniň şäherlerinde ýaşaýyş hiliniň derejesine birnäçe görkezijiler boýunça baha berdiler we deňeşdirdiler: ösüş durnuklylygy, medeniýet, ekologiýa, saglygy goraýyş, bilim we infrastruktura.
Oklend 96 bal gazandy, bu Osaka şäheriniňkiden (Ýaponiýa) 1,8 bal köp. Ondan soňky orunlary 94 bal bilen Adelaida (Awstraliýa), 93,7 bal bilen Wellington (Täze Zelandiýa) we Tokio (Ýaponiýa) hem-de 93,3 bal bilen Pert (Awstraliýa) eýeledi. Iň gowy şäherleriň onlugyna, degişlilikde, ýedinji we sekizinji orunlary eýelän Şweýsariýanyň Sýurih we Ženewa şäherleri, ikinji orundan dokuzynjy orna düşen Awstraliýanyň Melburn we liderleriň onlugyny jemlän Brisben şäherleri hem girdi.

“Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň sekiz şäheri ilkinji onluga girdi, Ýewropa we Kanadanyň şäherleri bolsa berk çäklendirmeler sebäpli öz orunlaryny ýitirdiler. Oklend birinji orna geçmegi başardy, sebäbi häkimiýetler COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni alyp, şäherlere açyk galmaga mümkinçilik berdiler. Bu hem ýokary bahany üpjün etdi” – diýip, sanawyň awtorlary belleýärler.

Sanawda soňky orny Damask (Siriýa) eýeledi, onuň öňünden Lagos (Nigeriýa), Port-Morsbi (Papua – Täze Gwineýa) we Dakka (Bangladeş) ýerleşdi.


düýn 13:59
6.2k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: 40°С çenli yssy, ýöne ýagyşly

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

26.06.2026 14:55
2.2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.8k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...